Dekabr IV hepde: eksport geleşikleri $42,9 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Dekabr IV hepde: eksport geleşikleri $42,9 milliondan geçdi
Daşary ýurtly işewürlere Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen portland sementi satyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 42 million 988 müň 850 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt walýutasyna Türkiýeden, Owganystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan we BAE-den gelen telekeçiler “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny we awiakerosini, “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. 

Şeýle-de Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen dürli reňklerdäki we dürli ölçeglerdäki düz boýalan, žakkard sütükli önümler hem-de Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen portland sementi satyldy.

Mundan başga-da, manat serişdesine BAE-den gelen işewürler jemi bahasy 35 million 560 müň manada deň bolan nah ýüplügini satyn aldylar. Satylan bu önüm Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürildi.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022