Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammiti duşenbe güni Sankt-Peterburgyň Boris Ýelsin adyndaky Prezident kitaphanasynda geçirildi. Bu barada Russiýanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy habar berdi.
GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Azerbaýjanyň Prezidenti Ylham Aliýew, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin öz çykyşynda GDA-nyň Döwlet Baştutanlaryna çakylygy kabul edendikleri we resmi däl sammite gatnaşmaga Sankt-Peterburg şäherine gelendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem Russiýanyň Prezidenti GDA-nyň 2022-nji ýyl boýunça işleriniň netijelerini jemlemegi, geljekdäki meýilnamalar barada gürleşmegi we sebit we halkara gün tertibinde ähli ýurtlaryň Döwlet Baştutanlarynyň gyzyklanma bildirýän meselelerini ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi.
Sammit iki gün dowam edip, sişenbe güni irden Russiýanyň muzeýinde iş ertirligi bolar. GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň mundan ozalky resmi däl sammiti oktýabr aýynda geçirildi.