Kasym-Žomart Tokaýew Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň wajyplygyna ünsi çekdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Kasym-Žomart Tokaýew Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň wajyplygyna ünsi çekdi
“GDA agza ýurtlarynda ulag we logistika taslamalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin hyzmatdaşlygyň täze gurallary we formatlary zerurdyr” diýip, gazak Lideri Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy.

Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesi aýratyn ähmiýete eýe bolup, onda Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoly möhüm ulag ugry bolup çykyş edýär. Bu barada Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň duşenbe güni Sankt-Peterburgda geçirilen GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitinde aýdanlaryna salgylanyp, Russiýanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy habar berdi.

GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Azerbaýjanyň Prezidenti Ylham Aliýew, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.

“GDA agza ýurtlarynda ulag we logistika taslamalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin hyzmatdaşlygyň täze gurallary we formatlary zerurdyr” diýip, gazak Lideri Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy.

Şeýle hem Gazagystanyň Prezidenti guramany häzirki zaman global hakykatlaryna uýgunlaşdyrmak üçin ýurtlaryň Döwlet Baştutanlary GDA-nyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmalydyklaryny we onuň halkara giňişligindäki ornuny berkitmelidiklerini nygtady.

GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň mundan ozalky resmi däl sammiti oktýabr aýynda geçirildi.

2022