Türkmenabat şäherinde sişenbe güni düýpli abatlaýyş işleri geçirilen Lebap welaýat Alyjylar jemgyýetiniň merkezi bazary açylyp ulanylmaga berildi.
Ilata ulanylmaga berlen merkezi bazaryň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Mizemez Watan” hususy kärhanasy alyp bardy. Bu bazaryň umumy meýdany 3 gektara barabar bolup, onda dükanlaryň jemi 283-si hereket edýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.
Bellenilişi ýaly, merkezi bazaryň 157 sany dükany azyk önümlerine, 126-sy bolsa senagat harytlaryna niýetlenendir. Bu ýerde 1584 metre uzap gidýän, azyk önümlerine niýetlenen söwda tekjeleriniň 880-si, dürli görnüşli milli tagamlary taýýarlamak üçin niýetlenen naharhanalaryň 4-si müşderilere hyzmat eder.
Mundan başga-da, daş-töweregi abadanlaşdyrylan döwrebap bazarda awtobuslaryň gatnawy üçin duralgalar we bu ýere gelýän raýatlaryň awtoulaglary üçin ýörite meýdançalar göz öňünde tutulandyr.
Şeýle hem Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline barýan awtomobil ýolunyň ugrunda 1280 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlar toplumy dekabr aýynyň başynda açylyp ulanylmaga berildi.