TDHÇMB-da çarşenbe güni $4,8 milliondan gowrak dizel ýangyjy satyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da çarşenbe güni $4,8 milliondan gowrak dizel ýangyjy satyldy
TDHÇMB-nyň söwdalarynda satylan bu önümiň bir tonnasynyň bahasy 965,25 ABŞ dollaryna deň boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) çarşenbe güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynda gidrousulda arassalanan dizel ýangyjy satyldy. Geleşigiň jemi bahasy 4 million 826 müň 250 ABŞ dollaryna deň boldy.

Owganystanly işewür gidrousulda arassalanan dizel ýangyjynyň 5 müň tonnasyny satyn aldy. TDHÇMB-nyň söwdalarynda satylan bu önümiň bir tonnasynyň bahasy 965,25 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.

Daşary ýurt puluna geçiren söwdalarda satylan gidrousulda arassalanan dizel ýangyjy “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürildi.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 42 million 988 müň 850 ABŞ dollaryna deň boldy.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.

2022