Russiýa Pakistana we Owganystana Merkezi Aziýanyň üsti bilen gaz ibermekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Russiýa Pakistana we Owganystana Merkezi Aziýanyň üsti bilen gaz ibermekçi
Şeýle hem Russiýanyň wise-premýeri Aleksandr Nowak Russiýanyň Gazagystana we Özbegistana tebigy gazy ibermekligi artdyrmak boýunça degişli işleri geçirýändigini mälim etdi.

Russiýa tebigy gazy Merkezi Aziýanyň infrastrukturasyny ulanmak ýa-da Eýranyň çäginden alyş-çalşygy ýola goýmak arkaly Owganystana we Pakistana tebigy gazy iberip biler diýip, Russiýanyň wise-premýeri Aleksandr Nowak duşenbe güni TASS agentligine beren interwýusynyň dowamynda aýtdy.

Şeýle hem Aleksandr Nowak Russiýanyň Gazagystana we Özbegistana tebigy gazy ibermekligi artdyrmak boýunça degişli işleri geçirýändigini habar berdi.

Mundan başga-da, wise-premýer Russiýanyň Azerbaýjana tebigy gaz eksportyny artdyrmak boýunça ylalaşyk baglaşandygyny we geljekde tebigy gazyň alyş-çalşygyny ýola goýmaklygy ara alyp maslahatlaşyp biljekdigini aýtdy.

Aleksandr Nowak ozal Russiýa bilen Eýranyň nebit-gaz alyş-çalşygynyň üstünde işleýändigini we munuň üçin eýýäm ugurlaryň we gurallaryň taýýarlanyp başlanandygyny mälim etdi. Wise-premýeriň aýtmagyna görä, birinji tapgyrda 5 million tonna nebit we 10 milliard kub metre çenli gaz Eýrana iberilip bilner.

Pakistanyň Nebit ministri Musadik Malik dekabr aýynyň başynda ýurduň Russiýa bilen nebit, benzin we dizel ýangyjyny import etmek boýunça ylalaşandygyny mälim etdi. Musadik Malik Russiýanyň turbageçiriji arkaly tebigy gazy Pakistana ibermäge gyzyklanma bildirýändigini we häzirden bu ugurda iki sany taslamanyň, ýagny Pakistan akymy gaz geçirijisiniň we başga bir uly gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça gepleşikleriň geçirilýändigini habar berdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022