Özbegistan Türkmenistan bilen serhetdäki söwda zolagyny açmak boýunça işleri tizleşdirmekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Özbegistan Türkmenistan bilen serhetdäki söwda zolagyny açmak boýunça işleri tizleşdirmekçi
Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasary Jamşid Hojaýewiň ýolbaşçylygynda geçirilen duşuşygyň dowamynda özbek-türkmen serhetýaka söwda zolagyny döretmekde alnyp barylýan işleriň ösüşi maslahatlaşyldy. (Surat: mift.uz)

Özbegistanyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministrliginde çarşenbe güni geçirilen duşuşygyň netijesi boýunça ýurduň degişli resmilerine özbek-türkmen serhetýaka söwda zolagyny açmak üçin işleri tizleşdirmek boýunça tabşyryklar berildi. Bu barada Özbegistanyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministrliginiň resmi metbugaty habar berdi.

Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasary, Maýa goýumlar we daşary söwda ministri Jamşid Hojaýewiň ýolbaşçylygynda geçirilen duşuşygyň dowamynda özbek-türkmen serhetýaka söwda zolagyny döretmekde alnyp barylýan işleriň ösüşi maslahatlaşyldy. Duşuşyga ýurduň degişli ministrlikleriň, edaralaryň, senagat birleşmeleriniň we ýerli häkimlikleriň ýolbaşçylary gatnaşdy.

Taraplar şu ýylyň oktýabr aýynda Özbegistanyň Prezidentiniň Türkmenistana eden döwlet saparynda gol çekilen "Özbek-türkmen serhetýaka söwda zolagy - söwda merkezini" döretmek baradaky teswirnamada kesgitlenen meseleleriň ýerine ýetirilişini içgin seljerdiler.

Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar söwda merkeziniň işini utgaşdyrmak, salgyt ulgamynda, gümrük we serhet gözegçiliginde ýeňillikleriň berilmegi üçin türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar. Şeýle hem duşuşygyň dowamynda taslamanyň durmuşa geçirilmeginde ýüze çykýan meseleleri çözmekde yzygiderli we ýokary hilli bilelikdäki işiň zerurdygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda söwda merkeziniň gysga wagtda işe girizilmeginiň iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin ähmiýetli boljakdygy bellenildi we bu ugurda taslamany tizleşdirmek üçin goşmaça wezipeler kesgitlenildi.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda oktýabr aýynda geçirilen dabarada Özbek-türkmen serhetýaka söwda zolagynyň düýbi tutulypdy.

2022