2023-nji ýylyň şygary “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýip yglan edildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
2023-nji ýylyň şygary “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýip yglan edildi
Döwlet Baştutanymyz Täze ýyl baýramynyň dynç gününe gabat gelýändigini aýdyp, 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky dynç gününi 2-nji ýanwara geçirmek kararyna gelendigini mälim etdi.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa penşenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde 2023-nji ýylyň şygaryny “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýip atlandyrmagy we geljek ýylyň nyşanynyň taslamasyny Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa teklip etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Gülşat Mämmedowa bu çözgüdiň halkymyzdan gelip gowşan köp sanly teklipleri esasynda kabul edilendigini we iri jemgyýetçilik birleşiklerinde, zähmet toparlarynda, okuw mekdeplerinde, obadyr-şäherlerinde geçirilen maslahatlarda ara alnyp maslahatlaşylandygyny mälim etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow geljek ýyl üçin hödürlenen şygary we nyşany tassyklady we 2023-nji ýylyň şygaryny hem-de nyşanyny metbugat we teleýaýlymlar arkaly halk köpçüligine ýetirmegi tabşyrdy.

Şeýle hem Döwlet Baştutanymyz Täze ýyl baýramynyň dynç gününe gabat gelýändigini aýdyp, 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky dynç gününi 2-nji ýanwara geçirmek kararyna gelendigini mälim etdi. Türkmenistanyň Prezidenti dynç gününi 2-nji ýanwara geçirmek boýunça degişli Permana gol çekip, ýurdumyzda Täze ýylyň ýokary derejede bellenilmegi üçin ähli ýerlerde tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegini gözegçilikde saklamak barada degişli ýolbaşçylara görkezmeleri berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow mejlise gatnaşyjylaryň adyndan Döwlet Baştutanymyzy ýetip gelýän 2023-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, köpugurly döwlet işinde bolsa uly üstünlikleri arzuw etdi.

Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalaryny we olaryň üsti bilen ähli türkmenistanlylary ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlady, hemmelere berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

2022