BMG: Türkmenistan "ýaşyl" ykdysadyýetiň ösüşine uly üns berýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
BMG: Türkmenistan "ýaşyl" ykdysadyýetiň ösüşine uly üns berýär
Dmitriý Şlapaçenko BMG bilen Türkmenistanyň hökümetiniň köp sanly bilelikdäki meýilnamalarynyň bardygyny mälim etdi.

Häzirki wagtda Türkmenistan ykdysady özgerişlere we "ýaşyl" ykdysadyýetiň ösüşine uly üns berýär. Bu barada BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň aýdanlaryna salgylanyp, "Trend" agentligi anna güni habar berdi.

“Bu ugurda BMG we Türkmenistan hususy pudak bilen gatnaşygyny ösdürer hem-de döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny öňe sürer” diýip, Dmitriý Şlapaçenko belledi.

Şeýle hem Dmitriý Şlapaçenko BMG bilen Türkmenistanyň hökümetiniň köp sanly bilelikdäki meýilnamalarynyň bardygyny mälim etdi we taraplaryň ileri tutýan ugurlaryny durmuşa geçirmekde, şol sanda 2030-njy ýylyň Durnukly ösüş maksatlaryna (SDG) ýetmekde bilelikde işleriň alnyp baryljakdygyny aýtdy.

“Netijede, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyz iň möhüm maksada, ýagny hukuklara we azatlyklara hormat goýýan ýurtdaky ähli raýatlaryň oňyn ýaşaýyş derejesini üpjün etmäge, adam ösüşi üçin ähli şertleri döretmäge, saglyk, ilaty durmuş taýdan goramak we bilim ulgamlarynda ýokary hilli hem-de elýeterli hyzmatlary bermäge ýardam edýär” diýip, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy belledi.

Häzirki wagtda Türkmenistan ýurduň çet gyralarynda we barmasy kyn ýerlerde ýerleşýän ilatly nokatlaryny elektrik energiýasy bilen üpjün etmek maksady bilen gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmagyň üstünde işleýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022