Azerbaýjan türkmen gazynyň öz çäginden daşalmagyna oňyn garaýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Azerbaýjan türkmen gazynyň öz çäginden daşalmagyna oňyn garaýar
Jeýhun Baýramow dekabr aýynda Awazada geçirilen Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Döwlet Baştutanlarynyň Birinji Sammitinde energiýa hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berilendigini aýtdy.

Azerbaýjan türkmen tebigy gazynyň öz çäginden daşary ýurtlaryň bazarlaryna daşalmagyna oňyn garaýar. Bu barada Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň sişenbe güni metbugat ýygnagynda aýdanlaryna salgylanyp, Azerbaýjanyň “Report” agentligi habar berdi.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministri dekabr aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Döwlet Baştutanlarynyň Birinji Sammitinde energiýa hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berilendigini aýtdy.

Jeýhun Baýramow Azerbaýjanyň şu wagta çenli energetika pudagyndaky köp sanly taslamalary teklip edip gelýändigini aýdyp, türkmen gazy bilen bagly taslamanyň Azerbaýjan üçin täze ugurdygyny we bu ýerde ýurdyň üştaşyr geçiriji bolup çykyş edýändigini belledi.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda üç ýurduň Döwlet Baştutanlarynyň Birinji Sammitiniň netijeleri boýunça geçirlen metbugat ýygnagynda Mewlüt Çawuşogly Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň türkmen gazyny beýleki ýurtlaryň bazarlaryna ibermek meselesi boýunça iş toparyny döretjekdiklerini mälim etdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022