Dekabr soňky hepde: eksport geleşikleri $19,9 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Dekabr soňky hepde: eksport geleşikleri $19,9 milliondan geçdi
Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan, Azerbaýjandan gelen telekeçiler dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 19 million 904 müň 662 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan, Azerbaýjandan gelen telekeçiler “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Şeýle hem TDHÇMB-nyň söwdalarynda Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen nah ýüplügi satyldy.

Mundan başga-da, manat serişdesine BAE-den gelen işewürler jemi bahasy 8 million 956 müň manada deň bolan nah ýüplügini satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.

2022