Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şenbe güni türkmen halkyny Täze 2023-nji ýyl bilen gutlady.
"2023-nji ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça towşan ýyly. Halkymyz bu ýyly bereketli, asuda, abadan hasaplap, täze ýyla ýagşy umyt-arzuwlar, uly ynam bilen gadam basýar" diýip, Döwlet Baştutanymyz öz gutlag sözünde belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
"Ýurdumyzda ýaşaýyş jaýlaryny, döwrebap mekdepleri, çagalar baglaryny, saglygy goraýyş, sport desgalaryny, seýilgähleri, başga-da köp sanly desgalary ulanmaga berdik. Bagtyýar maşgalalaryň müňlerçesi ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryna göçüp, toý tutdy. Bularyň hemmesi ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatly döwletdigini aýdyň görkezýär" diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
"Garaşsyz Diýarymyzda berk binýatly milli saglygy goraýyş ulgamy döredildi. Halkymyzyň saglygy baş baýlygymyzdyr. Şoňa görä-de, ynsan saglygyny goramak, adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak işleri geljekde hem dowam etdiriler" diýip, Döwlet Baştutanymyz nygtady.
"Goý, täze ýyl parahatçylygyň, bagtyýarlygyň, uly üstünlikleriň hem-de rysgal-berekediň ýylyna öwrülsin! Täze ýylda siziň mukaddes maşgala ojaklaryňyza abadançylyk, agzybirlik ýar bolsun, bagtyýar günler dowamat-dowam bolsun!" diýip, Türkmenistanyň Prezidenti gutlag sözüniň ahyrynda aýtdy.
Täze ýyl mynasybetli guralýan baýramçylyk çäreleri Diýarymyzyň ähli sebitlerinde giňden ýaýbaňlandyryldy. Dabaralar türkmen paýtagtynyň asmanyny bezän öwüşginli feýerwerk bilen tamamlandy.