Türkmenistan we Hytaý ikitaraplaýyn resminamalar toplumyna gol çekdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Hytaý ikitaraplaýyn resminamalar toplumyna gol çekdiler
Gepleşiklerden soň iki ýurduň Döwlet Baştutanlary Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. (Surat: "Xinhua")

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda anna güni Pekinde geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaýa iki günlik döwlet saparynyň çäginde geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky strategiki gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem taraplar söwda-ykdysady, ýangyç-energiýa, ulag-aragatnaşyk we medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrylmak, şeýle hem parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak meselelerini maslahatlaşdylar.

Gepleşiklerden soň iki ýurduň Döwlet Baştutanlary Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Şeýle-de duşuşygyň dowamynda aşakdaky birnäçe resminamalara gol çekildi:

  • Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2023-2024-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý Komitetini döretmek hakynda 2008-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky Ylalaşyga goşmaçalar girizmek barada Teswirnama;
  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda sanly ykdysadyýet babatda maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama
  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ýaşyl ösüş babatda maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda «Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden galkynyşy» we «Bir guşak we bir ýol» halkara başlangyçlaryň arabaglanyşygy babatda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň arasynda 2023-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Meýilnamasy;
  • Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen «Sinhua» habarlar agentliginiň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda habarlary alyşmak we hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;
  • Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen «Ženmin žibao» gazetiniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Mediakorporasiýasynyň arasynda habar maglumatlaryny alyşmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Saglygy goraýyş boýunça döwlet komissiýasynyň arasynda saglygy goraýyş pudagynda 2023-2027-nji ýyllar üçin hereketleriň Meýilnamasy;
  • Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti bilen Hytaý Olimpiýa komitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama;
  • Sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş döwlet müdirliginiň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Hytaýyň nebitgaz korporasiýasynyň arasynda gaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;
  • Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Hytaýyň nebitgaz korporasiýasynyň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Pekiniň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama.

Ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasyndan soň Hytaýyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hormatyna resmi nahar berdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022