Hytaýa 350 milliard kub metrden gowrak türkmen tebigy gazy iberildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hytaýa 350 milliard kub metrden gowrak türkmen tebigy gazy iberildi
Döwlet Baştutanymyz türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlaryna ünsi çekip, ýangyç-energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy aýratyn belläp geçdi.

Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň üsti bilen häzirki güne çenli Hytaýa 350 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz iberildi diýlip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýyň “Ženmin Žibao” gazetinde çap edilen "Strategik hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýady" atly makalasynda habar berilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda döwlet sapary bilen Hytaýa bardy.

Döwlet Baştutanymyz türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlaryna ünsi çekip, ýangyç-energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy aýratyn belläp geçdi.

"2009-njy ýylyň ahyrynda ulanmaga berlen Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi Aziýa yklymynda amala aşyrylan iň iri bilelikdäki energetika taslamasyna öwrüldi. Häzirki wagta çenli bu gaz geçiriji boýunça Hytaýa 350 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz iberildi" diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz makalasynda belledi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti energetika serişdelerini ibermegiň ygtybarly goraglylygyny hem-de howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça halkara mehanizmleri döretmek ugrunda Türkmenistanyň başlangyçlaryny Hytaýyň yzygiderli goldaýandygyny aýtdy.

“Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň taslamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň halkara energetika hyzmatdaşlygynyň geljekki gurluşynyň nusgasyna öwrülýändigine berk ynanýaryn” diýip, Döwlet Baştutanymyz belledi.

Türkmenistan Russiýa, Eýran we Katar bilen bir hatarda tebigy gaz ätiýaçlyklary boýunça dünýäniň iň uly dört ýurdunyň içine girýär. Hytaý türkmen tebigy gazyny iň köp import edýän ýurt bolup durýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022