TDHÇMB

Ýanwar I hepde: eksport geleşikleri $24 milliona deň boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar I hepde: eksport geleşikleri $24 milliona deň boldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilýän söwdalardan bir pursat (Surat: TDHÇMB)

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 24 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna “Türkmennebit” we “Türkmengaz” döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we tehniki kükürdi satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Azerbaýjanyň telekeçileri nah ýüplügi satyn aldylar.

Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri manat serişdesine umumy bahasy 12 million manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
Mart 13, 2025