Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Eýranyň Ykdysady diplomatiýa boýunça Daşary işler ministriniň orunbasary Mahdi Safari duşenbe güni Aşgabatda geçiren duşuşygyň dowamynda ýangyç-energetika, ulag we üstaşyr pudaklaryndaky özara hyzmatdaşlygyň ösüşi boýunça pikir alyşdylar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda geçirilen duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp sanly meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Ykdysady hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň ähmiýetine ünsi çekdiler.
Şeýle-de diplomatlar şu ýylyň dowamynda geçiriljek bilelikdäki çärelere we ýygnaklara aýratyn üns berdiler.
Duşuşygyň ahyrynda resmiler däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.