Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi meýilleşdirilýär
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ygtyýarlygyna parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine seretmek degişli edilip bilner.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa Maslahatlar merkeziniň binasynda çarşenbe güni geçiren Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek bilen bagly Türkmenistanyň Konstitusiýasyna — Esasy Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda teklipleri işläp taýýarlamak we umumylaşdyrmak maksady bilen degişli Karara gol çekdiler.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işini bes etmek we kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edarany bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwürmek baradaky teklip bilen Türkmenistanyň Prezidentine ýüzlenmek bellenildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täzeden dörediljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Prezidenti, Mejlisiň Başlygy, Ýokary kazyýetiň başlygy, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Mejlisiň deputatlary, Ministrler Kabinetiniň agzalary, Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçy, Baş prokuror, adalat ministri, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň halk maslahatlarynyň başlyklary, etraplaryň edara ediş merkezleri bolup durýan şäherleriň hem-de şäherçeleriň arçynlary, syýasy partiýalaryň, kärdeşler arkalaşyklarynyň we beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan teklip edilýän jemgyýetçiligiň, şol sanda ýaşulularyň wekilleri girizilse, dogry bolajakdygyny nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ygtyýarlygyna:

1) ýurdumyzyň Konstitusiýasyny we konstitusion kanunlaryny kabul etmegiň, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça tekliplere garamak hem-de makullamak;

2) döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna, ýurdumyzy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna seretmek hem-de makullamak;

3) Türkmenistanyň Prezidentiniň her ýylky Ýüzlenmesini diňlemek;

4) parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine seretmek;

5) Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrmak degişli edilip bilner.

Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek baradaky teklibe görä, Halk Maslahatynyň, onuň wezipeli adamlarynyň hem-de agzalarynyň işiniň guramaçylyk we tehniki taýdan üpjün edilmegi Halk Maslahatynyň Diwany tarapyndan amala aşyrylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahatyny jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Aşgabat şäherinde, Maslahat köşgünde geçirmek hakynda Permana gol çekdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022