Astrahanda Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan-Russiýa täze halkara multimodal geçelgesi boýunça pikir alyşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Astrahanda Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan-Russiýa täze halkara multimodal geçelgesi boýunça pikir alyşyldy
Duşuşygyň barşynda Hazar deňzinde ýükleri daşamak boýunça yzygiderli gämi gatnawlaryny ýola goýmak meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň degişli wekilleri Astrahanda sişenbe güni geçirilen duşuşykda Gyrgyzystandan başlanyp, Özbegistanyň üsti bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna, ondan aňry bolsa Russiýa çenli baryp ýetjek täze halkara multimodal geçelgesini ilerletmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygynyň orunbasary Seýitguly Baýseýidow gatnaşdy.

Duşuşygyň barşynda Hazar deňzinde ýükleri daşamak boýunça yzygiderli gämi gatnawlaryny ýola goýmak meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem taraplar  ýükleriň deňiz ulagy arkaly daşalmagynyň taslama gatnaşyjy ýurtlaryň ählisiniň ykdysady ösüşine oňyn täsirini ýetirjekdigini bellediler.

Seýitguly Baýseýidow türkmen tarapynyň hyzmatdaşlyga, hususan-da, Türkmenbaşy Halkara de­ňiz portunda ýe­ňillikli nyrhlary hödürlemäge we öz gämigurluşyk zawodlaryny Astrahan — Türkmenbaşy ugry boýunça ýük daşalyşynyň möçberini artdyrmak boýunça işlere çekmäge taýýardygyny beýan etdi.

Türkmenistan we Russiýanyň Astrahan oblasty geçen ýyl Olýa portunda Türkmenistanyň logistika merkezini gurmak hakynda ylalaşdylar. Häzirki wagtda onuň işewürlik meýilnamasynyň üstünde işlenilýär.

2022