Türkmenistan we Owganystan TOPH taslamasynyň birinji tapgyrynyň howpsuzlyk konsepsiýasyny maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Owganystan TOPH taslamasynyň birinji tapgyrynyň howpsuzlyk konsepsiýasyny maslahatlaşdylar
Söhbetdeşligiň barşynda TOPH gaz geçirijisiniň Owganystanda durmuşa geçirilmegi, şeýle hem ýer serişdelerini saýlap almak boýunça işiniň başlangyjy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hoja Öwezow we “TAPI Pipeline Company Limited” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Muhammetmyrat Amanow sişenbe güni Kabulda Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň, Milli goranmak ministrliginiň we Baş aňtaw müdirliginiň wekilleri bilen duşuşyk geçirdiler. Bu barada Türkmenistanyň Owganystandaky ilçihanasynyň "Twitter" sahypasynda habar berildi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyrynyň howpsuzlyk konsepsiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, türkmen ilçisi Hoja Öwezow we “TAPI Pipeline Company Limited” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Muhammetmyrat Amanow duşenbe güni Owganystanyň Dag-magdan we nebit senagaty ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Şeýh Şahabuddin Delawar bilen duşuşdylar.

Söhbetdeşligiň barşynda TOPH gaz geçirijisiniň Owganystanda durmuşa geçirilmegi, şeýle hem ýer serişdelerini saýlap almak boýunça işiniň başlangyjy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem, taraplar TOPH taslamasynyň Owganystanyň Hyrat welaýatyndaky gaz paýlaýyş ulgamynda alnyp barylýan işler boýunça pikir alyşdylar.

Dünýäniň ikinji iň uly gaz gory bolan Galkynyş ýatagyndan Hindistanyň Pakistan bilen serhediniň golaýynda ýerleşen Fazilka şäherine çenli uzaýan 1 müň 800 kilometrlik TOPH gaz geçirijisiniň ýylda 33 milliard kubmetr tebigy gazy daşamagyna garaşylýar.

2022