Owganystan Akina gury portyndan Türkiýä haryt eksport edip başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Owganystan Akina gury portyndan Türkiýä haryt eksport edip başlady
Ýük ulaglary Türkmenistanyň we Eýranyň ýerüsti böleginden geçip Türkiýä baryp ýeter.

Owganystan ilkinji gezek demirgazyk Farýab welaýatynyň Akina gury portynyň üsti bilen Türkiýä haryt eksport edip başlady. Bu barada Owganystanyň “Ariana” agentligi çarşenbe güni habar berdi.

“Ýük ulaglary Türkmenistanyň we Eýranyň ýerüsti böleginden geçip Türkiýä baryp ýeter” diýip, Owganystanyň ulag we raýat awiasiýasy ministri aýtdy.

Habarada bellenilişi ýaly, Owganystanyň içerki ulag kompaniýalary logistika bilen meşgullanýarlar.

Häzirki wagtda Owganystanyň demir ýol ulgamy Türkmenistanyň demir ýol ulgamyna iki serhet nokadynda, ýagny Turgundyda we Akinada birikýär.

2022