Ýanwar III hepde: eksport geleşikleri $49,5 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar III hepde: eksport geleşikleri $49,5 milliondan geçdi
BAE-niň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 49 million 582 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

BAE-niň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny hem-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli ölçegli orta öwüşginli boýalan sütükli önümleri satyn aldylar.

Şeýle hem içerki bazar üçin türkmen telekeçileri jemi bahasy 103 million 620 müň manada deň bolan nebit koksuny satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy.

2022