Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi
Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek barada hödürlenen teklip biragyzdan goldanyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şenbe güni “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda”, “Türkmen halkynyň Milli Lideri hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunlaryna, “Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hakynda” Permanyna gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Aşgabat şäherinde ýerleşýän Maslahat köşgünde şenbe güni Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, il sylagly ýaşulularyň, Hökümet agzalarynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanyň welaýatlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi geçirildi.

Mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek, Gurbanguly Berdimuhamedowy türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip ykrar etmek, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine Gurbanguly Berdimuhamedowy bellemek baradaky hödürlenen teklipleri biragyzdan goldadylar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi öz işini tamamlandan soňra, Hökümet agzalary, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri Gurbanguly Berdimuhamedowy halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň döredilmegi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine ählihalk tarapyndan saýlanylmagy we türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanun esasynda ykrar edilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlag sözlerini aýtdylar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa Maslahatlar merkeziniň binasynda şu ýylyň 11-nji ýanwarynda geçiren Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek bilen bagly Türkmenistanyň Konstitusiýasyna — Esasy Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda teklipleri işläp taýýarlamak we umumylaşdyrmak maksady bilen degişli Karara gol çekdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022