Türkmen-özbek söwda dolanyşygy $926,3 milliona deň boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-özbek söwda dolanyşygy $926,3 milliona deň boldy
Geçen ýylyň on iki aýynda Özbegistanyň Türkmenistandan importy 731,5 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Özbegistanyň Türkmenistan bilen daşary söwda dolanyşygy 2022-nji ýylda 926,3 million ABŞ dollaryna deň bolup, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 2,7 göterim ýokarlandy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň anna güni çap eden hasabatynda maglumat berildi.

Geçen ýylyň on iki aýynda Özbegistanyň Türkmenistandan importy 731,5 million ABŞ dollaryna barabar bolup, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 3 göterim artdy. Şol bir wagtyň özünde ýurduň Türkmenistana eksporty 1,5 göterim ýokarlanyp, 194,8 million ABŞ dollaryna deň boldy. Şeýlelikde, Türkmenistan Özbegistanyň söwda hyzmatdaşlarynyň ilkinji onlugyna girdi.

Özbegistanyň 2022-nji ýylda daşary söwda dolanyşygy 50 milliard 8 million 400 müň ABŞ dollaryna deň bolup, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 7,8 milliard ABŞ dollaryndan gowrak ýa-da 18,6 göterim ýokarlandy.

Özbegistanyň Russiýa bilen söwda dolanyşygy 2022-nji ýylda 9,27 milliard ABŞ dollaryndan geçdi. Özbegistanyň importy 6,21 milliard ABŞ dollaryndan gowrak bolup, eksporty bolsa 3,06 milliard ABŞ dollaryndan geçdi.

Hasabat döwründe Özbegistanyň beýleki daşary ýurt söwda hyzmatdaşlarynyň arasyna Hytaý (8,9 milliard ABŞ dollaryndan gowrak), Gazagystan (4,6 milliard ABŞ dollaryna gowrak), Türkiýe (3,2 milliard ABŞ dollaryndan gowrak), Günorta Koreýa (2,3 milliard ABŞ dollaryndan gowrak), Gyrgyzystan (1,26 milliard ABŞ dollary), Germaniýa (1,15 milliard ABŞ dollaryndan gowrak), Owganystan (759,9 million ABŞ dollary) we Hindistan ( 690,5 million ABŞ dollary) girdi.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň söwda dolanyşygy 2021-nji ýylda 902 million ABŞ dollaryna deň boldy.

2022