Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň ýolbaşçylaryny Respublika güni bilen gutlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň ýolbaşçylaryny Respublika güni bilen gutlady
Hindistanyň Baş kanuny 1950-nji ýylyň 26-njy ýanwar aýynda kabul edildi we bu gün Respublika güni diýlip yglan edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň Prezidenti Draupadi Murmuwa, Premýer-ministr Narendra Modä hem-de ýurduň ähli halkyna Hindistanyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

“Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasynda açyklyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanyp ýola goýlan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygymyzyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde halkymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynanýarys” diýlip, Döwlet Baştutanymyzyň gutlag hatynda bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Hindistanyň Prezidenti Draupadi Murmuwa we Premýer-ministr Narendra Modä berk jan saglyk, bagt, abadançylyk, Hindistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Hindistanyň Garaşsyzlygyny gazanmagy bilen 1950-nji ýylyň 26-njy ýanwar aýynda ýurduň konstitusiýasy güýje girizildi. Hindistanyň Baş kanunynyň kabul edilen güni hem Respublika güni diýlip yglan edildi.

2022