Çoganlyda kottejler toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasy geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Çoganlyda kottejler toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasy geçirildi
Kottejler toplumynyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarydyr, il sylagly ýaşulylar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

“Çoganly” ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky kottejler toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasy çarşenbe güni geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Kottejler toplumynyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, il sylagly ýaşulylar, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Toplumyň çäginde ýörite taýýarlanan sahnada ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň, Goranmak ministrliginiň aýdym-saz toparlarynyň, teatr artistleriniň we döwlet tans toparlarynyň bilelikdäki çykyşlary görkezildi.

Jaýlaryň gurluşygyny IIM-niň buýurmasy esasynda ministrlige degişli gurluşyk düzümleri ýerine ýetirdiler. Bu ýerde guralan dabaranyň dowamynda has tapawutlanan gurluşykçylara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Habarda bellenilişi ýaly, ýaşaýyş jaý toplumynda Mälikguly Berdimuhamedowyň muzeýi, baýramçylyk çärelerini geçirmek, myhman kabul etmek, toý tutmak, baýramçylyklary bellemek üçin ýerler ýerleşdirildi.

Şeýle hem täze ýaşaýyş jaýlary özbaşdak ýyladyş we sowadyş ulgamy, häzirki zaman durmuş üpjünçilik ulgamlary we zerur serişdeleri bilen üpjün edildi we IP telewideniýe, internet we telefon ulgamyna birikdirildi. Aşhanalarda durmuş tehnikasy, ykjam mebeller oturdyldy. Mundan başga-da, täze jaýlarda mellek ýerleri we çagalaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin niýetlenen ýerler döredildi.

Mary şäheriniň “Mülkbagşy” ýaşaýyş toplumynda ýakynda 4 gatly, 40 öýli täze ýaşaýyş jaýy gurlup ulanmaga berildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022