Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 2 million 883 müň 475 ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Türkiýäniň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna jins matalaryny hem-de nah ýüplügi satyn aldylar.
Hindistandan gelen telekeçiler manat serişdesine Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen, jemi bahasy 1 million 684 müň manatlyk nah ýüplügini satyn aldylar.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 3-si hasaba alyndy.
1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.