“KTZ Express” Türkmenistanyň üsti bilen Hindistandan Gazagystana künji tohumyny daşaýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“KTZ Express” Türkmenistanyň üsti bilen Hindistandan Gazagystana künji tohumyny daşaýar
Bu ýük daşamasy Gazagystan-Türkmenistan-Eýran ulag geçelgesinde konteýner hyzmatyny ösdürmegiň bir bölegidir.

Gazagystanyň “Kazahstan Temir Žoly” (KTZ) milli demir ýol kompaniýasynyň golçur kärhanasy “KTZ Express” Eýranyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň üsti bilen Hindistandan Gazagystana künji tohumyny daşamagy amala aşyrýar.

Bu ýük daşamasy Gazagystan-Türkmenistan-Eýran ulag geçelgesinde konteýner hyzmatyny ösdürmegiň bir bölegidir. Bu barada Gazagystanyň “Kazahstan Temir Žoly” (KTZ)  milli demir ýol kompaniýasynyň metbugat beýanatynda penşenbe güni habar berdi.

Künji tohumy bilen doldurylan konteýnerler ilki bilen Hindistanyň günbataryndaky Mundra portundan Bandar Abbas (Eýran) portuna deňiz ulaglary arkaly iberildi. Soňra konteýnerler demir ýol arkaly Eýranyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň çäginden geçip, Almaty şäherine barar. Konteýnerler soňky nokadyna 20 günden gowrak wagtyň dowamynda daşalar.

Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýol geçelgesi Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy bir bölegi bolup durýar. Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň demir ýollaryndan, soňra deňziň ugry boýunça Pars aýlagynyň we Günorta Aziýanyň ýurtlaryna uzap gidýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022