TDHÇMB-da duşenbe güni A-92 görnüşli awtoulag benzini satyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da duşenbe güni A-92 görnüşli awtoulag benzini satyldy
TDHÇMB-nyň söwdalarynda satylan bu önümiň bir tonnasynyň bahasy 776,5 ABŞ dollaryna deň boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynda A-92 görnüşli awtoulag benzini satyldy. Geleşikleriň umumy bahasy 19 million 24 müň 250 ABŞ dollaryna deň boldy.

BAE-den, Owganystandan we Türkiýeden gelen işewürler A-92 görnüşli awtoulag benzininiň 24 müň 500 tonnasyny satyn aldylar. Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.

TDHÇMB-nyň söwdalarynda satylan bu önümiň bir tonnasynyň bahasy 776,5 ABŞ dollaryna deň boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 2 million 883 müň 475 ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022