TDHÇMB-da penşenbe güni TC-1 görnüşli uçar kerosini satyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da penşenbe güni TC-1 görnüşli uçar kerosini satyldy
Özbegistandan we BAE-den gelen işewür toparlaryň wekilleri TC-1 görnüşli uçar kerosininiň 10 müň tonnasyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) penşenbe güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynda TC-1 görnüşli uçar kerosinini satyldy. Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.

Özbegistandan we BAE-den gelen işewür toparlaryň wekilleri bir tonnasynyň bahasy 905,25 ABŞ dollaryna deň bolan TC-1 görnüşli uçar kerosininiň 10 müň tonnasyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 9 million 52 müň 500 ABŞ dollaryna deň boldy.

TDHÇMB-nyň söwdalarynda satylan bu önüm “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürildi.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 2 million 883 müň 475 ABŞ dollaryna deň boldy.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022