“Ýewropa Bileleşigi–Merkezi Aziýa” ykdysady forumy şu ýyl Almatyda geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ýewropa Bileleşigi–Merkezi Aziýa” ykdysady forumy şu ýyl Almatyda geçiriler
Almaty, Gazagystan

Gazagystanyň Almaty şäherinde şu ýyl “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” ykdysady forumy geçiriler diýip, Gazagystanyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen ÝB-niň Daşary gatnaşyklar we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Žosep Borrelliň bilelikdäki beýanatynda aýdylýar. Bu barada Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Gazagystan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýaýradylan bilelikdäki metbugat beýanatynda, taraplar hyzmatdaşlygyň berk we geljegi uly binýadyny döretmek, şeýle hem Merkezi Aziýada asudalyk we durnukly ösüş üçin zerur bolan sebitleýin gepleşikleri güýçlendirmek isleýändiklerini tassykladylar.

Mundan başga-da, beýanatda taraplaryň soňky 30 ýylyň dowamynda birek-birege hormat goýmak we ynam ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy ýola goýmagy başarandyklary beýan edilýär.

“Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” ykdysady forumy 2021-nji ýylda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde geçirildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022