Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni suwuklandyrylan gazyň degişli möçberini Özbegistana muzdsuz ibermek boýunça degişli Karara gol çekdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konsernine degişli möçberdäki suwuklandyrylan gazy dost-doganlyk kömegi hökmünde Özbegistan Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Bu resminama Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de Özbegistana dost-doganlyk goldawyny bermek maksady bilen gol çekildi.
Şu ýylyň gyş möwsüminde Özbegistan ýangyç serişdeleriniň ýetmezçiligini başdan geçirýär. Bilermenleriň aýdanlaryna salgylanyp, TASS agentliginiň habar bermegine görä, Özbegistan ýangyç eksport ediji iri ýurtdy. Soňky ýyllaryň dowamynda onuň tebigy gaz önümçiliginiň azalmagy we içerki sarp edişiň ýokarlanmagy energiýa serişdeleriniň ýetmezçiligine esas boldy.
Şu ýylyň gyş möwsüminde Merkezi Aziýada adatdan daşary sowuk bolanlygy sebäpli Özbegistan Hytaýa gaz eksportyny wagtlaýyn togtatdy we käbir sebitlerinde ýangyç guýujy beketleriň işini çäklendirdi.