“Hazar balyk” AGPJ balyklar üçin janly iýmiti köpeltmegiň taslamasyny taýýarlaýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Hazar balyk” AGPJ balyklar üçin janly iýmiti köpeltmegiň taslamasyny taýýarlaýar
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar artemiýany köpeltmegiň şertleriniň görkezijilerini seljerdiler.

“Hazar balyk” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň artemiýany öwrenmek we synagdan geçirmek boýunça Belgiýanyň öňdebaryjy hünärmenleri bilen bilelikde anna güni Aşgabatda geçiren duşuşygynda artemiýa salinany köpeltmek boýunça taslamany işläp düzmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada “Hazar balyk” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Baş direktory Suwhanmyrat Ataýew “Biznes Türkmenistan” internet neşirine gürrüň berdi.

Bu taslamanyň esasy maksady balyk üçin sagdyn we doly iýmit meselesini çözmek bolup durýar. Bu konsepsiýa artemiýa salinany köpeltmegi we olaryň ýumurtgalaryny iýmit hökmünde ulanmagy maksat edinýär. “Hazar balyk” AGPJ 2024-nji ýylda artemiýa salinany köpeltmek üçin synag taslamasyny durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär.

Duşuşyga “Hazar balyk” AGPJ-nyň Baş direktory Suwhanmyrat Ataýew, suw dolandyryşy we suw hojalygy boýunça hünärmen Filip Leger, Belgiýanyň Gent Uniwersitetiniň suw hojalygy boýunça professory Patrik Sorgelus, şeýle hem “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň we Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň hünärmenleri gatnaşdylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Hazar deňziniň derejesiniň görkezijilerini, suwuň duzlulygynyň derejesini, howanyň üýtgemeginiň we artemiýany köpeltmegiň beýleki şertleriniň görkezijilerini seljerdiler hem-de ara alyp maslahatlaşdylar.

Artemiýa – balyk fermalarynda ösdürilip ýetişdirilýän balyklar, leňňeçler, krewetkalar, omarlar üçin birinji derejeli iýmit hökmünde ulanylýar. Artemiýanyň ýaşaýyş dowamlylygy takmynan dört aý bolup, ol her dört günden 300-e golaý ýumurtga bermäge ukyplydyr.

"Hazar Balyk" AGPJ Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ýerleşip, ol 2015-nji ýylda esaslandyryldy. Onuň önümçilik toplumynyň düzümine bekre balyklaryny emeli usul bilen köpeltmek, gara işbil çykarmak we Hazar deňzindäki balyklary hem-de beýleki balyk görnüşlerini gaýtadan işlemek boýunça fermalar girýär. "Hazar Balyk" AGPJ Türkmenistanda balyklary emeli usul bilen köpeltmek we gaýtadan işlemek boýunça öňdebaryjy kärhanadyr.

2022