Fewral I hepde: eksport geleşikleri $77 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Fewral I hepde: eksport geleşikleri $77 milliondan geçdi
Geçen hepdede “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen awtobenzin, uçar kerosini hem-de gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyldy. (Surat: "Reuters")

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi  77 million ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

BAE-niň, Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, BAE-niň, Özbegistanyň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini hem-de gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Ermenistanyň, Irlandiýanyň we Serbiýanyň telekeçileri boýalan tüýjümek önümleri, nah ýüplük, buýan köküniň gury ergini we portlandsement satyn aldylar.

BAE-niň, Türkiýäniň telekeçileri manat serişdesine jemi bahasy 25 million 396 müň manatdan gowrak bolan, nah ýüplügi satyn aldylar.

Içerki bazar üçin türkmen işewürleri umumy bahasy 75 million 500 müň manada deň bolan “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen gyzdyrylan nebit koksuny hem-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gaplaýyş plýonkasyny satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy.

2022