Türkmenistan AIFC bilen ýaşyl maliýe pudagyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan AIFC bilen ýaşyl maliýe pudagyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşdy
Taraplar hususy maýa goýumlaryny çekmek arkaly Aral deňziniň kenar ýakasynyň ýaşyllaşmagy we ol zolakda ekoturizmi, şeýle-de ýaşyl uglewodorodlary ösdürmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew bilen Astana Halkara Maliýe Merkeziniň (AIFC) Ýaşyl maliýe merkeziniň baş direktory Aýdar Kazybaýewiň arasynda anna güni Aşgabatda geçirilen duşuşykda ýaşyl maliýe pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Aýdar Kazybaýewiň Aşgabat şäherine eden iş sapary wagtynda geçirilen duşuşygyň  dowamynda taraplar hünärmenleriň tejribe alyş-çalşygyny gurnamak, şeýle hem Arkadag şäheriniň "Ýaşyl şäher" we "Akylly şäher" ölçeglerine laýyklygyny tassyklaýan ýörite şahadatnamalary almak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Şeýle hem taraplar hususy maýa goýumlaryny çekmek arkaly Aral deňziniň kenar ýakasynyň ýaşyllaşmagy we ol zolakda ekoturizmi, şeýle-de ýaşyl uglewodorodlary ösdürmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Saparyň dowamynda Aýdar Kazybaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) hem gepleşikleri geçirdi.

Türkmen biržasynyň wekili Serdar Berdiýew gazak kärdeşlerini TDHÇMB-da hödürlenen önümler, dellalçylyk ýerlerini satyn almagyň tertibi we nyrhlary bilen tanyşdyrdy. Mundan başga-da, myhmanlar TDHÇMB-da hasaba alynmaga degişli bolan şertnamalaryň görnüşleri barada maglumat aldylar. Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.

Aýdar Kazybaýew türkmen tarapyna AIFC-niň alyp barýan işleri barada maglumat berdi, şeýle hem tejribe alyşmak we özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen Gazagystana sapar amala aşyrmaga çagyrdy.

AIFC-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Aýdar Kazybaýew “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy Nyýazly Nyýazlyýew bilen hem duşuşyk geçirdi. Bu duşuşygyň esasy maksady türkmen ykdysadyýetiniň durnukly ösüş çygrynda “ýaşyl” maliýeleşdirmegiň ugurlaryny we gurallaryny ösdürmekdir.

AIFC wekiliýetiniň Aşgabat şäherine sapary Gazagystanyň başlangyjy bilen gurnaldy. Merkeziň ileri tutýan maksady deňagramly maýa bazaryny ösdürmek we häkimliklere hem-de beýleki döwlet edaralaryna durnukly ösüş taslamalary üçin býujetden daşary maliýe serişdelerini çekmekde ýardam bermekden ybaratdyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022