Türkiýe bilen Siriýada güýçli ýer titreme bolup geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkiýe bilen Siriýada güýçli ýer titreme bolup geçdi
Şeýle hem günüň ikinji ýarymynda Türkiýäniň günorta-gündogarynda 7,6 bala deň bolan ikinji güýçli ýer titreme hadysasy bolup geçdi.

Türkiýäniň günorta-gündogarynda we Siriýanyň demirgazygynda duşenbe güni irden 7,8 bala deň bolan güýçli ýer titreme hadysasy bolup geçdi. Ýer titreme zerarly ençeme binalar ýumruldy we ýüzlerçe adam wepat boldy. Bu barada “Associated Press” halkara habarlar agentligi mälim etdi.

Müňlerçe adam ýaralandy we ýykylan binalaryň aşagynda ýüzlerçe adamyň galandygy çaklanylýar. Ýer titreme bolan sebitlerde geçirilýän halas ediş işleriň dowamynda heläk bolanlaryň sanynyň artmagyna garaşylýar.

Ýurduň Gaziantep we Kahramanmaras welaýatlarynda müňlerçe bina ýumruldy. Ortaýer deňziniň kenarýakasyndaky Iskenderun şäherinde ýerleşýän hassahana ýykyldy.

Amerikanyň geologiýa gözleg gullugy duşenbe güni emele gelen ýer titremäniň 7,8 bala deň bolandygyny anyklady. Geologiýa gözleg gullugy ýer titremäniň Gaziantepden 33 kilometrlikde dörändigini we onuň çuňlugynyň 18 kilometr bolandygyny aýtdy. Türkiýäniň hökümetiniň habar bermegine görä, birnäçe sagatdan soň 20 sany kiçi sarsgyn emele geldi. Olaryň iň irisiniň güýji 6,6 bala deň boldy.

Şeýle hem günüň ikinji ýarymynda Türkiýäniň günorta-gündogarynda 7,6 bala deň bolan ikinji güýçli ýer titreme hadysasy bolup geçdi.

Köp ýurtlar Türkiýä kömek, şol sanda derman serişdelerini, gözleg toparlaryny we maliýe serişdelerini ugratmagy teklip etdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022