Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýede we Siriýada bolan ýertitreme zerarly gynanç bildirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýede we Siriýada bolan ýertitreme zerarly gynanç bildirdi
Ýertitreme zerarly Türkiýäniň on welaýatynda 2921 adam wepat boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Türkiýäniň we Siriýanyň Döwlet Baştutanlaryna iki ýurtda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine we giň möçberli weýrançylyklara getiren güýçli ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana we Siriýanyň Prezidenti Başar Al-Asada iberilen gynanç haty Türkmenistanyň resmi metbugatynda duşenbe güni çap edildi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň we Siriýanyň Prezidentlerine iki ýurtda bolup geçen köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine we giň möçberli weýrançylyklara getiren güýçli ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkiýäniň betbagtçylyklar we adatdan daşary ýagdaýlar boýunça dolandyryş edarasynyň (AFAD) sişenbe güni irden ýaýradan metbugat beýanatyna bellenilişi ýaly, ýertitreme zerarly Türkiýäniň on welaýatynda 2921 adam wepat boldy. “Reuters” agentliginiň habar bermegine görä, Siriýada azyndan 1444 adam wepat boldy.

Amerikanyň geologiýa gözleg gullugy duşenbe güni emele gelen ýer titremäniň 7,8 bala deň bolandygyny ölçedi. Geologiýa gözleg gullugy ýer titremäniň Gaziantepden 33 kilometrlikde dörändigini aýtdy. AFAD-yň habar bermegine görä, duşenbe güni irdenden bäri jemi 243 sany ýertitreme bolup geçdi.

Şeýle hem duşenbe gününiň ikinji ýarymynda Türkiýäniň günorta-gündogarynda 7,6 bala deň bolan ikinji güýçli ýer titreme hadysasy bolup geçdi.

Köp ýurtlar Türkiýä kömek, şol sanda derman serişdelerini, gözleg toparlaryny we maliýe serişdelerini ugratmagy teklip etdiler.

2022