Aşgabatda Hökümetara türkmen-eýran toparynyň 15-nji mejlisi geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda Hökümetara türkmen-eýran toparynyň 15-nji mejlisi geçirildi
Taraplar konsullyk meseleleriniň hukuk jähtlerini kämilleşdirmek ulgamynda özara hereketleri we maglumat alyş gurallaryny işjeňleşdirmegi ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda duşenbe güni Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça Hökümetara türkmen-eýran toparynyň 15-nji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi metbugat gullugy habar berdi.

Mejlisde Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriň orunbasary Wepa Hajiýew, Eýranyň wekiliýetine bolsa, Daşary işler ministriniň konsullyk we parlament meseleleri hem-de eýranlylaryň işleri boýunça orunbasary Alireza Bikdeli ýolbaşçylyk etdiler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar konsullyk meseleleriniň hukuk jähtlerini kämilleşdirmek ulgamynda iki ýurduň hukuk goraýjy edaralarynyň arasynda özara hereketleri we maglumat alyş gurallaryny işjeňleşdirmek, şeýle hem serhet we gümrük gözegçilik-geçiş nokatlarynda netijeli dolandyryşy sazlamak boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meselelere seretdiler.

Şeýle hem taraplar 2019-njy ýylyň ýanwarynda Tähranda geçirilen hökümetara toparyň 14-nji mejlisinde gelnen ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň gidişini ara alyp maslahatlaşdylar.

Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça Hökümetara türkmen-eýran toparynyň 15-nji mejlisiniň işiniň netijeleri boýunça jemleýji teswirnama gol çekildi.

Eýranyň Daşary işler ministriniň konsullyk mejlis we eýranlylaryň işleri boýunça orunbasary Alireza Bikdeli iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri we Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary elektroenergetika, ulag we nebitgaz pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

2022