Özbegistan Türkmenistana “Tiz kömek” awtoulaglaryny iberdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Özbegistan Türkmenistana “Tiz kömek” awtoulaglaryny iberdi
Dabaraly çäre sişenbe güni Türkmenistanyň Daşoguz welaýaty bilen Özbegistanyň Horezm welaýatynyň arasynda ýerleşýän “Şabat” gümrük nokadynda geçirildi.

Özbegistan iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistana 20 sany “Tiz kömek” awtoulaglaryny iberdi. Bu barada Özbegistanyň Milli Maglumat Gullugy (UzA) habar berdi.

“Tiz kömek” awtoulaglaryny gowşurmak çäresi sişenbe güni Türkmenistanyň Daşoguz welaýaty bilen Özbegistanyň Horezm welaýatynyň arasynda ýerleşýän “Şabat” gümrük nokadynda geçirildi.

Daşoguz welaýaty bilen Horezm welaýatynyň arasynda ýerleşýän gümrük nokadynda geçirilen çärä iki ýurduň döwlet we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, il sylagly ýaşulylary we wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdäniň anna güni gol çeken Kararyna laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konserni Özbegistana suwuklandyrylan gazyň degişli möçberini muzdsuz iberdi.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylyň 7-nji fewralynda ýola goýuldy.

2022