Raşid Meredow BAE-de geçiriljek Bütindünýä Hökümet sammitine gatnaşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Raşid Meredow BAE-de geçiriljek Bütindünýä Hökümet sammitine gatnaşar
Dubaý, Birleşen Arap Emirlikleri

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow 13-15-nji fewral aralygynda geçiriljek Bütindünýä Hökümet sammitine gatnaşmak üçin Birleşen Arap Emirliklerine (BAE) barar. Bu barada BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasy çarşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, sammite 20 sany döwletiň hökümet baştutanlary, 250-den gowrak ministrler we 10 müň sany halkara hökümetiniň hünärmenleri, bilermenleri, şeýle hem dürli ýurtlaryň hünärmenleri gatnaşarlar.

Dubaýda geçiriljek sammite 80-den gowrak halkara, sebit we hökümet guramalary hem gatnaşar.

Mundan başga-da, BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş sapary bilen Birleşen Arap Emirliklerine barjakdygyny mälim etdi.

2022