Pakistanyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Raja Perwez Aşraf Türkmenistanyň Pakistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Atajan Möwlamow bilen çarşenbe güni Yslamabatda geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistana Pakistanyň Gwadar, Bin Kasim we Karaçi portlarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagy teklip etdi.
Söhbetdeşligiň barşynda Pakistanyň Milli Assambleýasynyň Başlygy ikitaraplaýyn söwdany we maýa goýumlary ösdürmegiň we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň zerurdygyny nygtady. Bu barada Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasy habar berdi.
Türkmen Ilçisi öz gezeginde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçiriji liniýasynyň taslamalarynyň amala aşyrylyşy barada maglumat berdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar TOPH gaz geçirijisiniň we TOP elektrik geçiriji liniýasynyň taslamalarynyň öz wagtynda tamamlanmagyna ygrarlydygyny bellediler.
Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçisi Atajan Möwlamow bilen Pakistanyň Elektrik energiýasy boýunça federal ministri Hurram Dastgir Hanyň arasynda şu ýylyň ýanwar aýynda Yslamabatda geçirilen duşuşygyň dowamynda ýangyç-energetika pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.