Türkmenistan Hazar sebitinde iri ulag merkezine öwrülip biler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Hazar sebitinde iri ulag merkezine öwrülip biler
Astrahan porty, Russiýa

Astrahan oblastynyň portunyň aýratyn ykdysady zolagynda Türkmenistanyň söwda we logistika merkezi döredilenden soňra ol Hazar sebitinde iri ulag merkezine öwrülip biler. Bu barada Russiýanyň Astrahan oblastynyň senagat, söwda we energetika ministri Ilýa Wolynski ýekşenbe güni GTRK Lotos täzelikler teleýaýlymyna beren interwýusynda aýdylýar.

Şeýle hem Ilýa Wolynski Astrahan portundaky türkmen merkeziniň taslamasynyň giňeldilendigini aýtdy.

Ilýa Wolynskiniň belleýşi ýaly, bu taslama Astrahan portunyň üsti bilen türkmen harytlarynyň Russiýa daşalmagy we degişlilikde rus harytlarynyň Türkmenistana eksport edilmegi bilen çäklenmez.

Astrahan oblastynyň senagat, söwda we energetika ministriniň aýtmagyna görä, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň we Pakistanyň harytlarynyň Türkmenbaşy halkara deňiz portundan Hazar deňziniň üsti bilen Russiýa iberilip bilner.

Astrahan oblastynyň portunyň aýratyn ykdysady zolagynda Türkmenistanyň logistika merkezini döretmek boýunça maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmek babatda “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen “Lotos” aýratyn ykdysady zolagy” paýdarlar jemgyýetiniň (Russiýa Federasiýasy) arasynda meýiller hakynda Ähtnama ýanwar aýynyň ahyrynda gol çekildi.

2022