“Argus” türkmen kompaniýalaryny Dubaýda geçiriljek nebit önümleriniň konferensiýasyna çagyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Argus” türkmen kompaniýalaryny Dubaýda geçiriljek nebit önümleriniň konferensiýasyna çagyrýar
Bu konferensiýa uly halkara nebit, söwda, ulag we logistika kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny bir ýere jemlär.

“Argus” halkara baha kesgitleýji gullugy 16-17-nji martda BAE-niň Dubaý şäherinde “Argus nebit önümleriň bazary 2023. Hazar we Merkezi Aziýa” atly halkara konferensiýany geçirer.

Bu konferensiýa Hazar deňziniň, Merkezi Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň nebit we nebit önümleri bazarlarynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin uly halkara nebit, söwda, ulag we logistika kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny bir ýere jemlär. Bu barada “Argus” halkara baha kesgitleýji gullugy ”Biznes Türkmenistan” internet neşirine habar berdi.

Maslahatlaşyljak mowzuklar:

  • Russiýadan importyň çäklendirilmegi sebäpli nebit önümleriniň global akymynyň üýtgemegi;
  • Ýewropanyň ýangyç balansynyň üýtgedilip gurulmagy;
  • Ýük daşamalar bazary: nebit önümlerini daşamagyň ugurlaryny giňeltmek, ýük daşamalarynyň bahalaryna edilýän täsir, ätiýaçlandyryş bazaryndaky üýtgeşmeler;
  • Rus nebiti üçin iň ýokary baha çäklendirmesiniň girizilmegi dünýädäki nebit we nebit önümleriniň akymyna nähili täsir etdi;
  • Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde nebiti gaýtadan işlemek bilen baglanyşykly ýüze çykan ýagdaý (Hindistan, Hytaý, Indoneziýa);
  • Türkiýedäki tendensiýalar: nebit önümleriniň importyndaky we eksportyndaky ösüş;
  • Ýakyn Gündogaryň bazarlary;
  • Gazagystandan üstaşyr akymlar we motor ýangyjyň eksporty;
  • Gazak nebitniň akymlarynyň üýtgedilmegi. Transhazar ugry;
  • Nebithimiýa önümleriniň Özbegistandan we Türkmenistandan üpjün edilmegi;
  • Nebiti gaýtadan işleýän täze kuwwatlyklaryň (önümçilikleriň) ösdürilmegi;
  • Çig malyň we nebit önümleriniň Owganystana import edilmeginiň soňky tendensiýalary we geljegi;
  • Hazar sebitiniň we Merkezi Aziýanyň ulag-üstaşyr mümkinçilikleri;
  • Çig malyň we nebit önümleriniň Eýrana alyş-çalyş we üstaşyr meýilnama esasynda iberilmegi.

Türkmen bazarynda iş alyp barýan "PETRONAS Çarigali Türkmenistan” we “Turkmen Petroleum Products Trade DMCC” ýaly onlarça kompaniýalar “Argus” tarapyndan gurnalýan bu halkara konferensiýa gatnaşmak üçin hasaba alyndy.

17-nji fewrala çenli gatnaşmak üçin hasaba alyş tölegi 1750 ýewro (adaty baha-2000 ýewro)

Giňişleýin maglumat almak üçin isleg bildirýänler görkezilen telefon belgä we elektron salga ýüz tutup bilerler:

Swetlana Çmyhun

svetlana.chmykhun@argusmedia.com

+44 20 3997 9915

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022