TDHÇMB-da duşenbe güni $94,1 milliondan gowrak geleşik baglaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da duşenbe güni $94,1 milliondan gowrak geleşik baglaşyldy
Owganystanyň işewürleri ECO-93 görnüşli awtoulag benzininiň 100 müň tonnasyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynda polipropilen we awtoulag benzini satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 94 million 190 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

Owganystanyň işewürleri bir tonnasynyň bahasy 910 ABŞ dollaryna deň bolan ECO-93 görnüşli awtoulag benzininiň 100 müň tonnasyny satyn aldylar. Bu geleşikleriň jemi bahasy 91 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.

Mundan başga-da, Owganystanyň we Türkiýäniň telekeçileri umumy bahasy 3 million 190 müň ABŞ dollaryna deň TPPZ 30 G we TPPD 30 S kysymly polipropileniň 3 müň tonnasyny satyn aldylar.

TDHÇMB-nyň geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 83 million 562 müň 748 dollaryna barabar boldy.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022