“Gazprom” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Gazprom” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşdy
"Gazprom” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Alekseý Miller (Surat: “Gazprom”)

Russiýanyň iri energiýa kompaniýasy bolan “Gazpromyň” ýolbaşçysy Alekseý Miller çarşenbe güni Aşgabada amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada rus kompaniýasynyň ýaýradan metbugat beýanatynda habar berilýär.

Alekseý Miller saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen hem gepleşik geçirdi.

Beýanatda bellenilişi ýaly, duşuşuklaryň dowamynda taraplaryň arasynda tebigy gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Gazprom” 2019-njy ýylyň iýul aýynda “Türkmengaz” döwlet konserninden (2024-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli) tebigy gaz satyn almak barada bäş ýyllyk şertnama baglaşdy. Şertnama laýyklykda, Türkmenistandan "Gazproma" ýyllyk 5,5 milliard kubmetre çenli tebigy gaz iberiler

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022