TDHÇMB-da penşenbe güni uçar kerosini, ýod we ýüplük satyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da penşenbe güni uçar kerosini, ýod we ýüplük satyldy
Irlandiýadan gelen telekeçi umumy bahasy 27 müň 40 ABŞ dollaryna deň bolan ýüplügiň 12 müň 600 kilogramyny satyn aldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) penşenbe güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynda uçar kerosini, ýod we ýüplük satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 4 million 31 müň 590 ABŞ dollaryna deň boldy.

BAE-den gelen işewür jemi bahasy 2 million 442 müň ABŞ dollaryna deň bolan Jet A-1 görnüşli uçar kerosininiň 3 müň tonnasyny satyn aldy. Satylan bu önümiň 1 tonnasynyň bahasy 814 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.

Şeýle hem Hytaýyň işewürleri bir tonnasynyň bahasy 62 müň 500 ABŞ dollaryna deň bolan "А" kysymly tehniki ýoduň 25 tonnasyny satyn aldylar. Geleşigiň umumy bahasy 1 million 562 müň 500 ABŞ dollaryna barabar boldy.

Irlandiýadan gelen telekeçi umumy bahasy 27 müň 40 ABŞ dollaryna deň bolan ýüplügiň 12 müň 600 kilogramyny satyn aldy.

Bulardan başga-da, Türkiýeli işewür manat serişdesine 8400 kilogram ýüplük satyn aldy. Geleşigiň jemi bahasy 262 müň 500 manada deň boldy.

TDHÇMB-nyň geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 83 million 562 müň 748 dollaryna barabar boldy.

2022