Gazagystan Türkmenistan bilen serhedindäki barlag nokadyna elektron nobat ulgamyny girizmekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gazagystan Türkmenistan bilen serhedindäki barlag nokadyna elektron nobat ulgamyny girizmekçi
Gazagystan elektron nobat ulgamyny fewral aýynyň ahyryna çenli dört barlag nokadyna girizer.

Gazagystan 22-nji fewraldan Türkmenistan bilen serhedindäki Temir-Baba barlag nokadyna elektron nobat ulgamyny girizer. Bu barada Gazagystanyň Döwlet girdeji komitetiniň metbugat gullugy çarşenbe güni habar berdi.

Gazak-hytaý serhedindäki birnäçe barlag nokatlarynda 2022-nji ýylyň 23-nji noýabryndan “CarGoRuqsat” elektron nobat hyzmaty girizildi. Elektron nobat hyzmaty Qoldau.kz sanly platformasynda işe girizildi we bu hyzmat ulanyjylar üçin tölegsizdir.

Gazagystan bu ulgamy fewral aýynyň ahyryna çenli dört barlag nokadyna girizer.Gazagystanyň iki barlag nokady Hytaý bilen serhetde, galan ikisi bolsa ýurduň günorta-günbataryndaky Mangistau welaýatynda, ýagny Temir-Baba we Tažen barlag nokatlarynda ýerleşýär. Tažen barlag nokady gazak-özbek serhedinde ýerleşýär.

Bu ulgam Gazagystanyň Maliýe ministrliginiň "Maglumat we buhgalteriýa merkezi" paýdarlar jemgyýeti tarapyndan döredildi. Häzirki wagta çenli bu ulgamda takmynan 7,5 müň ulanyjy hasaba alyndy we olar 84 müň sany öňünden nobat bellemek amallaryny amala aşyrdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, elektron nobat hyzmaty yzygiderli ösdürilýär we kämilleşdirilýär. Ýakyn wagtda bu ulgama Face ID-iň üsti bilen, şeýle hem daşary ýurt raýatlary üçin bank karty arkaly şahsyýeti tassyklamak hyzmaty giriziler.

“CarGoRuqsat” elektron nobat hyzmaty ýük daşaýjylara nobaty öňünden bellemäge mümkinçilik berýär we bu nobat hemmeler üçin elýeterlidir.

Bu hyzmatyň maksady ýük awtoulaglary üçin serhet geçelgesini çaltlaşdyrmak bolup, ýük daşaýjylar öňünden nobat bellemek arkaly gözegçilikden geçip bilerler. Bu ulgam salgyt bergileri, ýol tölegleri, ýük awtoulaglarynyň we tirkegleriniň hasaba alynmagy üçin arza berijini barlaýar we serhetdäki nobaty bikanun dolandyrmak howpuny aradan aýyrýar.

2022