TDHÇMB-da anna güni $10,9 milliondan gowrak tehniki ýod satyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da anna güni $10,9 milliondan gowrak tehniki ýod satyldy
TDHÇMB-nyň söwdalarynda satylan "А" kysymly tehniki ýoduň bir tonnasynyň bahasy 62 müň 500 ABŞ dollaryna deň boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) anna güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynda jemi bahasy 10 million 937 müň 500 ABŞ dollaryna deň bolan "А" kysymly tehniki ýod satyldy.

BAE-den gelen işewür "А" kysymly tehniki ýoduň 175 tonnasyny satyn aldy. Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.

TDHÇMB-nyň söwdalarynda satylan bu önümiň bir tonnasynyň bahasy 62 müň 500 ABŞ dollaryna deň boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 83 million 562 müň 748 dollaryna barabar boldy.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.

2022