Türkmenistanda iki sany orta hünär okuw mekdebi dörediler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda iki sany orta hünär okuw mekdebi dörediler
Arkadag şäherindäki orta hünär okuw mekdeplerine 2023-2024-nji okuw ýylyndan talyplary okuwa kabul edip başlamak bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebini we Saçly Dursunowa adyndaky Ahal welaýat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebini döretmek hakynda Kararlara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Resminama laýyklykda, täze lukmançylyk orta hünär okuw mekdebini döretmek boýunça karar Ahal welaýatyndaky kesel anyklaýyş merkezlerini, hassahanalary, “Ene mähri” merkezlerini we derman serişdelerini öndürýän kärhanalary işine ussat orta hünär bilimli işgärler bilen üpjün etmek maksady bilen kabul edildi.

Ahal welaýatynda mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň döredilmegi welaýatyň bilim edaralarynyň orta hünär bilimli işgärlere bolan isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilendir.

Geçen ýylyň dekabr aýynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa Ahal welaýatynyň edara ediş merkezi Arkadag şäherindäki lukmançylyk, jemgyýetçilik, bilim we medeni edaralaryna, şol sanda iki sany täze hünär okuw mekdeplerine at dakmak hakynda mejlisiň karar kabul edendigini habar berdi.

Resminama laýyklykda, Arkadag şäherindäki orta hünär okuw mekdeplerine 2023-2024-nji okuw ýylyndan talyplary okuwa kabul edip başlamak bellenildi.

2022