Türkmenistan bilen Owganystan demir ýol arkaly ýük daşamalaryň mukdaryny artdyrar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Owganystan demir ýol arkaly ýük daşamalaryň mukdaryny artdyrar
Duşuşygyň dowamynda Owganystanyň importynyň köp bölegi häzirki wagtda Özbegistanyň çäginden gelýändigi bellenildi.

Owganystanyň demir ýollary müdirliginiň Hyrat şahamçasynyň we “Türkmendemirýollary” agentliginiň wekiliýetleriniň arasynda geçirilen duşuşykda Serhetabat- Turgundy demir ýolunyň ugry boýunça ýük daşamalary artdyrmak barada ylalaşdylar. Bu barada Owganystanyň demir ýollary müdirligine salgylanyp, TASS agentligi şenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar türkmen demirýolunyň üsti bilen ýükleri üstaşyr geçirmek, şeýle hem bu ýurtdan söwda ýüklerini howpsuz daşalmak we Turgundy gury portunyň dolandyrylyşyny gowulandyrmak boýunça ylalaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda Owganystanyň importynyň köp bölegi häzirki wagtda Özbegistanyň çäginden gelýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň Serhetabat şäheri bilen Owganystanyň serhetýaka Turgundy şäheriniň arasyndaky uzynlygy 5,5 kilometra deň bolan demir ýol 1982-nji ýylda guruldy. Türkmenistan 2019-njy ýyla çenli bu ugry doly döwrebaplaşdyrdy we onuň geçirijilik kuwwatyny ep-esli ýokarlandyrdy.

2022