Türkmen kompaniýalary Stambulda geçiriljek “Argus Coal 2023” konferensiýasyna çagyrylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýalary Stambulda geçiriljek “Argus Coal 2023” konferensiýasyna çagyrylýar
Konferensiýanyň dowamynda çykyş etjekler kömüri deňiz arkaly daşamak meselelerine aýratyn üns bererler.

“Argus” halkara baha kesgitleýji gullugy türkmen kompaniýalaryny 25-nji maýda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçiriljek “Argus Coal 2023” atly halkara konferensiýa gatnaşmaga çagyrýar.

Bu halkara çäre üýtgeýän geosyýasy ýagdaýlar, üpjünçilik zynjyryndaky näsazlyklar we energiýa akymlarynyň global deňsizligi sebäpli kömür eksportynyň üýtgedilip gurulmagyna gönükdiriler. Bu barada “Argus” halkara baha kesgitleýji gullugy ”Biznes Türkmenistan” internet neşirine habar berdi.

Çärä gatnaşyjylar geosyýasy ýagdaýlar sebäpli ýüze çykýan eksport akymlarynyň gaýtadan paýlanmagy we energiýa bahalarynyň üýtgemegi sebäpli dünýä bazaryndaky iň uly kömür öndürijileriniň güýçleriniň deňleşmegindäki üýtgeşmeleri seljererler.

Konferensiýanyň dowamynda çykyş etjekler kömüri deňiz arkaly daşamak, täze logistika meýilnamalaryny döretmek we eksport şertnamalary üçin durnukly maliýeleşdirmegi dikeltmek meselelerine aýratyn üns bererler.

Stambulda geçiriljek bu konferensiýa Ýewropanyň, Aziýanyň, Russiýanyň we Gazagystanyň öňdebaryjy kömür öndürijileri we sarp edijileri, şeýle hem Ortaýer deňzi bilen Aziýa-Ýuwaş umman sebitleriniň ýurtlaryny kömür bilen üpjün etmekde ýöriteleşen halkara işewürler gatnaşarlar. Metallurgiýa we energiýa kompaniýalary, ulag operatorlary, portlarda harytlary ýüklemek we düşürmek bilen meşgullanýan kompaniýalar, dellallar we ýük ekspeditorlary bu derejedäki çärä uly gyzyklanma bildirýärler.

Maslahatlaşyljak mowzuklar:

  • Geosyýasy ýagdaýa baglylykda kömür bazaryndaky üýtgeşmeler;
  • Türkiýe - dünýä bazarlaryny kömür bilen üpjün etmegiň esasy merkezi hökmünde;
  • Ýewropanyň energiýa öndürýän pudagynda ýangyç balansynyň gurluşynyň üýtgemegi;
  • Dünýä bazaryndaky bahalar, geosyýasy we sebit töwekgelçilikleri sebäpli rus kömüri üçin bahalarda arzanlaşygyň emele gelmegi we onuň dinamikasy;
  • Dünýä bazaryndaky hereket edýän sanksiýalaryň dowamynda kömür üpjün edijiler bilen alyjylaryň arasyndaky gatnaşyklar. Maliýeleşdirmekdäki meseleler we durnukly üpjünçiligiň kepillikleri;
  • Türkiýä, Hindistana, Hytaýa we günorta-gündogar Aziýa kömür eksporty boýunça çaklamalar;
  • Hytaýyň ýaşyl energiýa syýasaty – uglerodyň bitaraplygyna tarap hereket etmek;
  • Täze infrastruktura taslamalary;
  • Demirgazyk-Günbatar Ýewropa ýurtlaryndan alternatiw bazarlara eksport akymlaryny gönükdirmek;
  • Kömür kompaniýalarynyň önümçilik taslamalaryna maýa goýmaklarynyň aýratynlyklary;
  • Demir ýol infrastrukturasynyň ýagdaýy;
  • Kömür daşamak üçin ýük nyrhlary.

1-nji marta çenli gatnaşmak üçin hasaba alyş tölegi 1000 ýewro

Giňişleýin maglumat almak üçin isleg bildirýänler görkezilen telefon belgä we elektron salga ýüz tutup bilerler:

Ýelena Wengržnowskaýa

Elektron salgy: elena.vengrzhnovskaya@argusmedia.com

Telefon belgi: +44 20 7199 0528

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022